- seňrik
- 1) Anatomiýa Burnuň maňlaýa birleşýän, ýokarky inçelýän bölegi, burnuň üsti.∙ Adamlar burunlaryny tutup, seňriklerini ýygryp geçýärler. («Tokmak» žurnaly)2) Geografiýa Gum, dag ýerlerinde uzalyp gidýän depe.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem seňrik - seňrigi.◊ seňrigine kakmak — Gaýtawul bermek, garşyçykmak.∙ Azatlygy gazanmak üçin, aklardan başga dünýä baýlarynyň seňrigine-de kakmak gerek ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.